DÖWLETMÄMMET AZADYNYŇ "WAGZY-AZAT" KITABY
Authors/Creators
Description
Bu makalada XVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” kitabynyň mazmuny, gurluşy hem-de ideýa-tematik aýratynlyklary giňişleýin seljerilýär. Eserde döwlet gurmak meselesi, adyl hem zalym häkimleriň keşbi, haýyr-sahawat, edep-terbiýe, ylym-bilim hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklary baradaky pikirler çuňňur derňelýär. Şeýle-de kitabyň çeperçilik aýratynlyklary, mesnewi görnüşinde aruz ölçeginde ýazylyşy hem-de onuň türkmen nusgawy edebiýatyndaky orny görkezilýär. “Wagzy-Azat” diňe bir çeper eser bolman, eýsem, ylmy-pedagogik hem jemgyýetçilik ähmiýetli gymmatly miras hökmünde häsiýetlendirilýär.